Esasy mazmuna geç

Kabel TV barada soraglar

1. Kabel TV näme?

Kabel TV -- teleýaýlymlary ýokary hilli görnüşde öýüňize ýa-da ofisiňize getirýän hyzmat bolup, antennasyz göni kabel arkaly işleýär.

2. Kabel TV üçin internet gerekmi?

Ýok, adaty kabel TV hyzmaty internetden peýdalanmaýar. Ýöne IP TV hyzmaty bolsa interneti talap edýär.

3. Jaýymda antennam ýok. Kabel TV ulanyp bilerinmi?

Hawa, kabel TV antennasyz hem işleýär. Kabel liniýasy jaýa gelýär we telewizora birikdirilýär.

4. Bir abonentlik bilen birnäçe telewizor ulanyp bolýarmy?

Hawa, bolýar. Şeýle-de bolsa her telewizor üçin aýratyn şertnama arza ýazmak zerurdyr.

5. Köne telewizor kabel TV bilen işleýärmi?

Hawa, ýöne käbir köne telewizorlar üçin set-top box gerek bolup biler.

6. Tomaşa edende şekil doňup ýa-da çyzyk bolýar, näme etmeli?

TV kanaly täzeden açyp görüň. Kämahallar kabele zeper ýetse hyzmat beriji bilen habarlaşmaly bolýar.

7. Kanallaryň sany az görünýär, näme etmeli?

Telewizoryň içinde Auto Search / Auto Scan edip görüň. Eger netijesi ýok bolsa, hyzmat berijiniň kanal sanawynda üýtgeşme bolup biler.

8. Kabel teleýaýlym ulgamy näçeräk elektrik energiýasyny sarp edýär?

Kabel teleýaýlym hyzmaty aýratyn ýokary elektrik energiýasy sarp etmeýär. Elektrik harajaty diňe telewizor we degişli týuner enjamynyň işlemegi bilen baglydyr.

9. Kabel TV tozana, ýele ýa-da howanyň üýtgemegine täsir edýarmi?

Antenna ýaly howadan täsir almaýar. Köplenç durnukly işleýär. Howa ýagdaýy diňe açyk meýdanda ýerleşýän kabel liniýalaryna täsir edip biler.

10. Abonentlik tölegini wagtynda tölemesem näme bolýar?

Adatça hyzmat 3 aý tölenmedik ýagdaýynda şertnama 1 taraplaýyn ýatyrylýar. Haçan müşderä gerek wagty täzeden şertnama baglanşyp, öňki tölenmedik 3 aý tölenen ýagdaýynda hyzmata berilýar.

11. Täze jaýa göçsek kabel TV-ni täze adrese geçirip bolýarmy?

Hawa, eger şol salgyda kabel TV ulgamy bar bolsa geçirip bolýar.

12. Kabel TV bilen IPTV näme tapawutlanýar?

GörnüşKabel TVIPTV
InternetÝokHawa
Şekil hiliDurnuklyInternet tizligine bagly
Gerekli enjamKabel arkalyWi-Fi ýa-da kabel internet

13. Kabele zeper ýetse özüm düzedip bilerinmi?

Uly näsazlyklar üçin maslahat bermeýärin. Ýöne kabeliň birikmelerini barlap bilersiňiz. Eger zeper uly bolsa, hyzmat beriji işgär gelmeli.

14. Kabel TV hyzmatynyň peýdalary nämeler?

  • Antennasyz işleýär
  • Ýagty howada durnukly
  • Arzan abonentlik
  • Bir jaýda köp telewizora birikdirmek bolýar

15. Kabel TV öýde internetiň tizligine täsir edýärmi?

Ýok, kabel TV aýratyn liniýa bilen işleýär. Internet tizligine hiç hili täsir etmeýär.

16. Kabel TV-niň sesinde problema bar näme etmeli?

  • TV sesini barlaň
  • Kabel birikmelerini barlap görüň
  • Köplenç ses kanallara geçende üýtgäp bilýär,başga kanaly açyp barlap görüň

17. Kanallar tersine ýa-da olaryň sany üýtgäp çykýar, näme üçin?

Bu kanal täzelenmesi ýa-da hyzmat berijiniň üýtgeşiklik girizmegi bilen baglanyşykly bolup biler.

18. Telewizoryň markasy möhümmi?

Ýok, islendik marka telewizor kabel TV bilen işleýär.

19. Telewizorda "No Signal" ýazgysy çykanda näme etmeli?

  • Kabeliň birikdirilen ýerlerini barlaň.
  • Multiswitç bar bolsa, onuň işleýşini barlaň.
  • Telewizorda dogry giriş çeşmesiniň (AV/HDMI/TV) saýlanandygyny barlaň.
  • Eger barlaglar dogry bolsa, kabeliň zeper ýeten bolmagy mümkin.

20. Kabel TV öýüň içinde nädip bölünýär?

  • Esasy kabel jaýa girýär
  • Multiswitç arkaly bölünýär
  • Her otaga aýratyn kabel çekilýär
  • Her telewizora birikdirilýär

21. Kabel TV arkaly daşary ýurt kanallaryny görüp bolýarmy?

Hawa, hyzmat berijiniň teklibine baglylykda halkara kanallary köplenç bukjalaryň içinde bolýar.

22. Kabel TV kanallaryny özüm goşup bilemok, näme üçin?

Kabel TV kanallary hyzmat beriji tarapyndan berilýär. Ulanyjy diňe TV içinde bar bolan kanallary gözläp tapyp biler.

23. Kabel TV näme üçin käte garaşylmadyk ýagdaýda öçýär?

  • Tehniki işleriň geçirilmegi
  • Kabelde zeper
  • Multiswitçleriň näsazlygy
  • Jaýyň içinde ýokary güýçli elektrik enjamlarynyň päsgelçiligi

Köplenç hyzmat beriji tarapyndan gysga wagtda çözülen mesele bolýar.

24. Öýde kabel TV gurnamak üçin näme gerek?

Adatça size gerek bolar: Öý eýesi we jaýa degişli bolan resminamalary hem-de pasport hökmandyr.

25. Kabel telewizorym näme üçin işlemeýär?

Umumy sebäpler we çözgütler: işlemedik ýagdaýynda 071 belgi boýunça sargyt bermeli.

26. Kabel TV-ni kabel týuneri bolmasa hem görüp bolýarmy?

Bu aşakdakylara bagly:

Köne telewizorlar: Adatça kabel týuneri gerek bolýar.

27. Kabel telewideniýesi bilen akym hyzmatlarynyň arasyndaky tapawut näme?

AýratynlykKabel TVAkym telewideniyesi
Göni telewideniýeHawa (ýerli we kabel kanallary bilen)Käbir hyzmatlar göni telewideniýe hödürleýär
Internet gerekmi?ÝokHawa

28. Täze öýe göçýän bolsam näme etmeli?

Göçmezden azyndan bir hepde öň üpjün edijiňize jaň ediň. Şu aşakdakylar barada soraň:

  • Hyzmaty täze salgyňyza geçirmek
  • Göçürmek ýa-da gaýtadan birikdirmek üçin islendik tölegler

29. Tupanda wagtynda ýa-da elektrik togy kesilen ýagdaýynda kabelim öçse näme etmeli?

Elektrik togy kesilen ýagdaýynda: Batareýaňyzyň ätiýaçlyk nusgasy bolmasa, kabel týuneri işlemez.

Tupandan soň:

  • 10–15 minut garaşyň, sebäbi köp ulgamlar awtomatiki tertipde täzeden işe girizilýär.

  • Hyzmat dikeldilmedik ýagdaýynda, üpjün ediji guramanyň kesilme kartasyny olaryň resmi programmasy ýa-da web sahypasy arkaly barlaň.

  • Uly möçberli kesilmelerde aragatnaşyk liniýalarynyň ýüklenmegi mümkin bolýandygy sebäpli, derrew jaň etmekden saklanmagyňyz maslahat berilýär.

30. Öýümdäki birnäçe telewizor bir wagtyň özünde dürli kanallary görüp bilermi?

Hawa, ýöne size gerek bolar:

  • Her telewizor üçin şertnama baglanyşmak zerurdyr
  • Goşmaça týuner üçin goşmaça aýlyk töleg: 1 nokat tölegi 10 manat, goşmaça nokatlar 5 manatdan gidýär

31. Syýahat edýän ýa-da birnäçe wagtlap daşaryk çykýan bolsam, kabel hyzmatymy wagtlaýyn togtadyp bilerinmi?

Müşderi uzak möhletleýin gitjek ýagdaýynda, gitmezden öň degişli döwür üçin tölegini doly geçirmeli ýa-da şertnamany resmi tertipde togtatmaly.Kabel teleýaýlym hyzmaty boýunça wagtlaýyn togtatmak mümkinçiligi göz öňünde tutulmaýar.